Wednesday, December 29, 2010

Hakykata göz yetirmek

Gözgörtele aldamak
Her bir diýlen sözi pugta aňlamak gerek.
  Ýakyn taryhymyza degişli wakalar hakynda ýat iliň ýazyjylary, taryhçylary we syýhatçylary elmyda öň eşiden gürrüňlerine esaslanyp olara baha berip geldiler. Rus we pars çeşmelerinde türkmenler “wagşy”, “galtaman”, “basmaçy”... diýip görkezildimi, bu Ýewropaly syýahatçylar derhal halkymyza şol nokdaý nazadrdan baha kesýärler. Ýogsam bu ýerlere gelen bir sýyhatçy ikiagyz bir türkmen bilen gepleşik, nämäniň nämedigine göz ýetirip biler ahyryn.
   Ynha şolardan birisi-de Fansuzly žurnalist Jean Shuper başgaça aýdylanda Claude Anet. Ol baryp 1909-njy ýylda Hazar deňziniň üsti bilen Krasnowska (Şagadama) gelýär we otly bilen Aşgabada ýola düşýär. Ol öz gündelik depdrinde şeýle bellik edipdir:
1909, sentýabr 11
“Durlagalaryň birsinde ilkinji gezek türkmenlere duwş geldim, owdan hem syratly, çakgan adamlar, donlarynyň reňki göze dürtülýär, ýakymly reňk däl. Bilet satýan rus, türkmenden 1 rubl 75 kopek sorady, türkmen onuň bilen bazarlaşmak istedi. Rus biletiň bahasynyň şoldygyny aýtdy, türkmen otludan düşüp galdy.
  Gökdepe duralgasynda köpräk egenmeli bolduk. Bu ýerde 1881-nji ýylda ruslar bilen türkmenleriň arasynda urş turupdy. Bu urşda ruslaryň harby komandiri Skobelew ok-ýaragdan köp peýdalanmady, ol hilegärlige baş urup, galany ýeriň astyndan partlatdy. Otly bu ýerde ýarym sagat eglenýär, sebäbi ýolagçylar hokman durlganyň ýanynda gurlan muzeýi görmelidi. Ekspanatlaryň köpüsini Daşkentde geçirilýän tomus sergisine alyp gidipdirler, diňe birnäçe suraty alyp galypdyrlar. Suratlaryň birsinde hudaýa ynanmaýan, kapyr bir türkmeniň elindäki hanjary bilen owadan hem hudaýa ynanýan, boýnundan haç asylan bir ýaş rus esgeriň bogazyny kesmäge synanşýandygy görkezilýär...”
  Şujagaz maglumatda nädip ruslaryň wagşyçylygy aklanmaga synançylýar. Hamana diýseň Skobelew Gökdepe gygygynçylygynda onçakly ok-ýragdan peýdalanmandyr. Emma taryhy faklar munuň tersini görkezýär. Ruslar Gökdepäni basyp almak üçin bütin Orta Aziýany eýlemekde sarp eden ok-ýaraglarynyň bäş essesini türkmenleri dyza çökermäne sarp edipdirler. Skobelew Peterburgdan ugramaka ok-ýaragdan ýüküni mazaly tutupdy.
Ýene bir bellemeli zat hamana diýersiň ruslar däl-de türkmenler asuda oturan ruslaryň üstüne çozup olary gylyçdyr hanjardan geçirip, kellelerini kesipdir.
   Taryhy maglumatlar we falktlar şeýle galplaşdyrylýan bir wagtynda olary doly analiz etmek türkmen taryhçylarynyň milli borjy hasalaplanýar. Beýle ýalan hem töhmetçilikli maglumatlary yzygiderli paş edip durmaly.
  Claude Anet-iň ýatlamasy “Owrag-e Irani” (Eýran ýapraklary) ady bilen pars dilinde terjime edilipdir.
Akmyrat Gürgenli
اوراق ایرانی. خاطرات ایرانی. خاطرات کلودانه درآغاز مشروطیت. کلود انه. ترجمه ایرج پروشانی

1 comment:

  1. Bu, Maýo klinikasynyň köpçülige mälim eden beýany we böwrek satyn almak isleýäris, böwrek satmak isleseňiz, aşakdaky e-poçtaňyz bilen göni habarlaşyň
    mayocareclinic@gmail.com
    Bellik: Bu ygtybarly amal we howpsuzlygy kepillendirilýär.
    Has giňişleýin maglumat üçin bize e-poçta habaryny iberiň.

    ReplyDelete