Sunday, December 26, 2010

Milli göreşlerimizden


Fetaly şah gajaryň garşysyna
Ýüsüp hoja we Gurbangylyç Ýomudyň
bilelikdäki gozalaňy

  1813-nji ýylyň maý aýynda Ýüsüp Kaşgarynyň ýolbaşçylygynda gökleň we ýomut taýpalarynyň, Eýran hökümetine garşy gozgalaňy başlanýar. Eýranly taryhçy Rezaguly han Hedaýetiň “Roze ut safaýe-e Naseri” (9-njy jılt, 2-nji bölüm) ýazmagyna görä Feth Aly şa «Negarestan» köşgünde, penşenbe güni Jemady ul ewwel aýynyň 19-yna Ýüsüp Kaşgarynyň Astrabatda gozgalaň turuzandan habarly bolýar. Patyşanyň ogly Muhammetweli mürzä, Astrabada gidip, gozgalaňy ýatyrmaga, ýerli häkimlere buýruk berýär. Muhammetweli han, Mazendranyň häkimi Muhammetguly mürze bilen bilelikde Astrabada ugraýar.
 
  Ýüsüp hoja kim?
   Gelip-çykyşy Kaşgardan boldan Ýüsüp, Muhammetemin hojanyň ogly, “Aý hojanyň” agtygy. Magtym öwladyndan bolup, Türküstanda mukaddes adam hasaplanýan Aý hoja, Kaşgarda özüne häkimiýet döredýär, ol ölenden soňar dogany “Gün hoja” onuň ýerine geçýär. Hytaýlylaryň hüjümine tap getirip bilmedik Gün hoja Owganystanyň Badahşan jülgesine sygynýar. Şol wagt Ahmat han Dürräni oňa ýardam edip, bu ýerlerde mesgen tutmagyna rugsat berýär. Gün hoja ölenden soňar Ýüsüp, öz toparyna ýolbaşçylyk edýär. Mal-mülki Eýranly harbylar tarapyndan talanan Ýüsüp hoja Tahran gelip, malynyň öwezüni dolmak isleýär, ýöne onuň bu islegi kanahalndyrylmaýar. Ol bu ýerdäki ýagdaýy öwrenmäge synanşýar, şonda «Gurbangylyç ýomut» diýen bir Türkmen bilen tanyş bolýar. Olar köp mukdarda ok-ýarag satyn alyp Gürgene, türkmenleriň arasyna gelip, ýomut, gökleň atlylaryny ýygnap, Astrabadyň gündogaryndaky Ramiýan, Fendersk, häzirki Kümmetgowuzyň golaýyndaky «Piserek» galasyny alyp, Astrabada gelýärler.
  Tahranda, şa Köşükde, Ýüsüp Kaşgarynyň hereketini sünni türkmenleriň, şaýy parslara garşy çäresi diýilip, görkezilmäge synaşylýar, ýöne türkmenler Astrabat we Horasan häkimleriniň zulmundan we günsaýyn artýan paç/salgyt talaplaryndan halas bolmak üçin aýaga galmaga mejbur bolandyklaryny habar berýärler.
  Türkmenleriň asuda ýaşaýan halkdyygny hatta daşary ýurtly diplomatlar-da ýörite belläp geçipdirler. Mysal üçin Gürjüstandaky ruslaryň harbylaryna serkerdelik eden general-leýtenant N.F.Rtişewin türkmenlere şeýle baha beripdir:

   «Türkmenler söweşjeň halkdyr. Eýran häkimiýetleriniň berýän dürli horluklary olaryň aýaga galmagyna sebäp boldy. Ýüsüp bolsa din babatda türkmenleriň arasynda täsirli adam bolupdyr. Ol güýçli goşun düzüp, Astrabadyň töweregine çozup ugrapdyr. Ol özüni tüýs patyşa ýaly alyp barypdyr, hatta perman-da çykarypdyr we şol permanlaryny Eýranyň patyşasyna-da iberipdir. Pete Aly şa onuň haýbatly hatlaryndan dura-bara wehim edip başlapdyr.» (Aga Garryýew. Sowet Edebiyaty žurnaly. Aşgabat. 1949/10)

   Gajarlaryň “Däwellu/Düýeli” şahasyndan Ybrahim han 5000 atla baş bolup, Gürgen jülgesine eňýär. Edil şol bir wagtyň özünde gajarlaryň Şambaýatlu bölüminden Ysmaýyl han we Semanan-Damgan goşun başlygy Zulfikar han-da Gürgene gelip ýetýärler. Söweş ýedi günläp dowam edýär. Türkmenler ýeňilýär. Ýüsüp hoja bilen Gurbangylyç ýomut Balkana gaçyp atýarlar. Rejap aýynyň 9-yna Muhammetweli mürze ýesir alnan 1500 sany türkmeni, kesilen 350 kelläni, Goçanyň häkimi Memiş han kürtden Tahran iberilýär.
   Tapdan düşmedik Ýüsüp hoja we Gurbangylyç ýomut täze bir hüjüme taýýarlyk group başlaýarler.
  1813-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Gürgende esasy söweş bolup, şol söweşe Ýüsüp hoja Türkmen taýpalaryna baş bolmak bilen birinji hatarlarda şanyň goşunlaryna garşy göreşýär. Taryhçy Hedaýet şol wakany şeýle suratlandyrpdyr:

       «Ýüsüp hoja 20 müň adama baş bolup, remezan aýynyň 15-ine Gürgen derýasynyň ýakasynda patyşanyň goşuny bilen çaknyşdy. Ol şazadanyň garşysyna rejeli goşun saplaryny sürdi, özi bolsa ýeňlerini tirseklerine çenli çermäp, eline gylyç alyp, goşunyň öňüne düşdi we gündogardan demirgazyga tarap okduryldy; onuň özi ilden öňürti atyny gamça basyp, tä Gürgeniň kenaryna ýetýänçä, atynyň başyny çekmedi. Ýüsüp hojanyň yzy bilen türkmenler batyrlyk görkezip, öňe okduryldylar we şazadanyň goşunyny derbi-dagyn etdiler; şazadanyň esgerleriniň köpüsi dowula düşüp, özlerini suwa urdular, bir topary gark boldy. Edil şol wagtyň özünde Ýüsüp hojany tanaýan “gereýli” kürtlerden birisi ony tüpeňläpdir, şondan soň ol atynyň üstünde jany çykyp ýykylypdyr. Ýüsüpiň kellesi kesilip, Tahrana alnyp gidilýär, ýüzügi bilen hanjary bolsa esgerlere ýetýär.»


Türkmenlere garşy öjalyşly garaýyşdan bir mysal

   Agamuhammet han gajaryň «jahansuz» lakamly dogany, Astrabatda gozgalaň turzan türkmenleri jezalandyrandygy hakynda we ol ahyry gökleňleriň gazabyna duçar bolup, öldürlendigi hakynda ýokarda agzap geçipdik. Feth Aly şanyň döwründe onuň ogly, atasynyň ganyny almak üçin Astrabadyň häkimine şol türkmenleri tapmaly diýen buýrugy berýär. Häkim, Söýün bilen Gurban Igdir diýen iki sany günäsiz türkmen ýigidini tutup, Tahrana iberjek bolýar. Gije Gurban öz janyna kast edýär, ýöne Söýün özüni heläk etmäge ýetişmeýär, garwullar gelip ýetişýärler. Ony Tahrana şanyň huzuryna alyp barýarlar we şanyň permany bilen iki gözüni oýýarlar, başgalara görelde bolsun diýip ony türkmenleriň arasynda iberýär.
Şeýlelik bilen türkmenleriň batyrlygy we olaryň gyljynyň saýasynda patyşaşyga ýeten gajarlar, el süýdi bilen beslän mähribanlara şeýle gaýtargy berýärler. Gajarlaryň türkmenlere garşy bu zalym syýasaty bu döwletiň soňuna çenli yzy üzülmän dowam edip gelipdir.
Akmyrat Gürgenli

No comments:

Post a Comment