Friday, December 24, 2010

Taryhymyzyn öçmejek sahypalaryndan

Soldan: Eziz han- Oraz serdar
Iki Türkmen bir ykbal
   Türkmen halkynyň azatlygy hem özbaşdak milli döwleti gurmak ugrunda göreşen geçeklerimiz az bolmandyr. Geçen iki asryň galagowply döwründe ençeme mertler orta çykyp, halkymyzyň ar-namysyny, milli topragyny gorap gelipdiler. Kyýat han, Gowşut han, Nurberdi han, Jüneýit han, Eziz han, Oraz serdar... şol är ýigitleriň kerwenbaşylary bolupdylar.
  Öz ýaşan döwürleriniň çylyşyrymly syýasatyna doly göz ýetirip bilmeseler-de ýa-da dürli mekirli öýunlaryň düýp-teýkaryna düşnüp bilmeseler-de olar jany-teni bilen halkyna hyzmat edipdiler.
  Şol ärlerden biz häzir iksini, ýagny Eziz han bilen polkownik Oraz serdary size tanytmagy makul gördük.
  1917-nji ýylda bütin Orsýetde bolşewik hereketi ýeňiş gazanyp, Orta Aziýa ýaýrap başlamy bilen olara garşy häkimiýetden agdarylan Romanowlar maşgalasyndan soňky patyşa-Tzar Nikolaýewe wepaly “Akgwardiýaçylar”-da ýurduň dürli künjeginde özlerine howandar gözläp başlaýarlar. Şeýdibem biziň Türkmen topragymyz “Aklar” bilen “Gyzyllaryň” söweş meýdanyna aýlanýar.
   Dörän şeýle pursatdan peýdalanyp, türkmenleriň batyrgay söweşjeň ýigitleri “Milli öz erkin Türkmenistan” döwletini esaslandyrmaga synanşýarlar. Ynaha şolardan Gökdepede garymanlarça göreşen meşhur Dykma serdar lakamly Öwezmyrat batyryň ogly Oraz serdar we Tejen etrabynda ozal basmaçylara garşy berk göreşen we öz halkyny açlykdan gutarmaga synanşan Çapyk serdaryň ogly Eziz han orta çykýarlar. Sankt-Peterburgdaky harby KADET mekdebi tamamlap polkownik/ serhenglik derejesine ýeten Oraz serdar Köşi-de türkmen jigitlerden ybarat “atly toparyny” düzýär we oňa özi komandirlik edýär. Eziz hanyň atlylary bolsa köpden bäri Tejen etrabynda bolşewiklere ýol bermän gelýär. Eziz han söweş ukybyny artdyrmak maksady bilen Hywa gidip, Jüneýit han bilen duşuşýar we bilelikde hereket etmek baradaky memoranduma gol çekýär.
  Milli döwlet gurmak ugrunda Türkmen topragynda/ Türkmenistanda bolup geçýän şeýle göreşler “Akgwradiýaçylaryň” ünsünden düşmändir. Olaryň Türküstandaky bölüminiň ýolbaşçysylary, Eziz han hem Oraz serdar bilen duşuşyp, bulary öz tarapyna çekmäge synanşyp, dürli wadalar berýärler. Göreşler ýeňiş bilen hemra bolsa Türkmenistanda “Milli-nasýonal demokratik” döwletiň esaslanmgyna ýol berjekdikleri bilen bu serdarlary ynandyrýarlar. 1918-nji yýlyň 16-nji iýulynda "milli han-töreleriň" Büzmeýnde bolup geçen gurultayýnda Oraz serdar, Eziz hana öz harby toparyna we tarapyna geçmegi teklip edipdir. Şol wagtlar Büzmeýnde, ruslara garşy göreşmek üçin türkmenleri jemläp ýörite bir Merkezi "Türkmen komitetini" döredilýär, onuň ýolbaşçysy edip-de Oraz serdar bellenilýär. Şol komitete 5 müňe golaý adam toplanyp ýaraglanypdyr.
   Ýöne göreş güýçlendikçe "Aklar" ähdiýalanlyk edip, türkmenleri häkimiýetden çetleşdirip başlaýarlar. Ilki bilen Oraz serdaryň ýolbaşçylygyndaky "atly topary" dargadýarlar, soňra bolsa haýynlyk bilen Eziz hany tussag edip, 1919-njy ýylyň mart aýynda atyp öldürýärler. Oraz serdaryň soňky ykbaly hakynda dürli maglumat bar. Bir maglumata görä onuň Jüneýit hanyň atlylaryna goşulandygy aýdylsa, başga bir maglumata görä onuň Eýrandaky türkmenleriň arasynda sygnandygy agzalýar. Inglis taryhçysy Riçard Pepis özüniň "The Formation of the Sowiet Union" diýen kitabynda (Harward Univercity. 1997. S. 181) iýul aýynda "gyzyl goşun" Aşgabady basyp alandan soňra Oraz serdaryň öz atlylary bilen Garagumdaky “basmaçylaryň” toparyna (has dogrusy Jüneýit hanyň atlylaryna) goşulandygyny ýazýar.
            “In the February 1919 British troops received orders from London to      evacuate the Transcasian region and by early April they were entirely out. In July the Red troops approaches Ashkhabad, witch was defended by Oraz serdar and his Turkmen units. After the city had been taken, Oraz Serdar fled to the desert and joined the Basmachi units in the Khiva district…”
   Ýokarda getirlen fakta görä, Oraz serdar Britaniýanyň Maşatdaky goşunynyň ýolbaşçysy general W.Malleson bilen-da aragatnaşykda bolup, bolşewiklere garşy olaryň beren wadasyna bil baglapdyr, ýöne inglislerem edil "aklar" ýaly namartlyk edip, beren wadalarynda tapylmandyrlar.
   Eziz hanam, Oraz serdaram öz döwrüniň edermen, göreşde gaýdusyz ärleri bolupdyrlar, olar Türkmen topragynda özbaşdak, erkin we milli bir döwletiň esaslandyrylmagy ugrunda janlaryndan maýa goşupdylar, ýöne olaryň ýekeje kemçilik eden tarapy, döwrüň aldawaç, mikirli syýasatyna doly göz ýetirip bilmändikleri bolupdyr.

  Bu geçekleriň är ýoluny soňraky mertler- Gaýgysyz Atabaýewler, Nedirbaý Aýtakowlar dagy dowam etdirdiler we Türkmen hakynyň adyna, ýer ýüzünde ýeke-täk Türkmenistan döwletini emele getirdiler.
A.Gürgenli
18.12.2010

  Sowet taryhçylary bu gerçekleriň at-hatyralaryny garalamaga synanşyp geldiler, has bolmanda olary halkyň aňyndan öçürmäge synanşsylar, ýöne olaryň bu mekirlerini halk kabul etmedi we öz är ýigitlerini ýürklerinde ebedileşdirip geldiler.

No comments:

Post a Comment