Thursday, January 27, 2011

Türkmenin ajy ykbayndan


Bosgulygyň ajy günleri!


«Asmandan aýirplan uçar,
Köçeden awtomobil geçer,
Milletiň Eýrana gaçar,
Boş galar Leniniň ýurdy.»
                                     Afan şahyr. Jergelan (Eýran)

Türkmenistanda bolşewikleriň zulmuna çydam etmedik halk 1928-nji ýyllarda topar-topar bolup Eýrana we Owgana syngmaga mejbur bolupdyrlar, ýöne Eýran döwleti bosa-bosluk edip özlerine sygynanlary mäherli garşy almagyň deregine olary horlamak horlapdyr. Eýrana sygnan “Garagum işanyň  ogly”, bu ýerde horlanandygy barasynda Türkmenistandaky dogan-garyndaşlaryna şeýle mazmunly hat ýazypdyr:
اوتورماغا یر، توتماغا یورت سوراماق اوچین گورگن دن تهرانه گیتدیک. مونیپ باریان آتلاریمیزی، اشِکلریمیزی یولدا اوروپ- زورلاپ آلدیلار، هرنأ جانلاریمیزا دگمه دیکلرینه شوکور اتدیک. آغیر یولا چیدامان، یاریم منزیلده اجم اؤلدی. یدی گون یولا چیقانیمیزا دیینده اوغلوم اؤلدی. ایکیسینی هم یول اوغرا جایلادیق. قیریق گون دیینده تهرانا باردیق. مهم میز بیتمه دی. یئنه ایزیمیزا غاییتدیق. شوندانام باغیت الله دییپ آوغانا آشدیق. گؤرمدیگیمیز گؤرده قالدی. بیزی الله غارغادیمی، اورس سیغدیرمادیمی بیلمه دیک نه گونأمیز. دیدارلاشماساق راضی بولونگ. غانلی گؤزومیز سیزه ساتاشماغینگ، آتا یوردی گورمگینگ آرزوییندا..."
«Oturmaga ýer, tutmaga ýurt soramak üçin Gürgenden Tahrana gitdik. Münüp barýan atlarymyzy, eşeklerimizi ýolda urup-zorlap aldylar, hernä janlarymyza degmediklerine şükür etdik. Agyr ýola çydaman ýarpy menzilde ejem öldi. «Ýedi gün ýola çykanymyza» diýende olgum öldi. İkisenem ýolugra jaýladyk. Kyrk gün diýlende Tahrana bardyk. Möhümimiz bitmdi. Ýene yzymyza gaýytdyk. Şondanam «bagt alla» diýip Owgana aşdyk. Görmedigimiz görde galdy. Bizi alla gargadymy, ors sygdyrmadymy, bilmedik ne günämiz? Didarlaşmasak razy boluň, ganly gözümiz size sataşmagyň, ata ýurdy görmegiň arzuwynda.»
(Ýaşlyk žurnaly 1992-nji ýyl 7-nji san: Gaplaňaganyň “Jüneýit han baradaky gürrüňi” diýen makalasyndan.)

Ynha bu-da türkmenistanly bosgunlaryň ýagdaýyny doly diýen ýaly suratlandyryan Tahranyň merkezi arhiwler dokumentlerinden biri:

 
Eýranyň milli arhiw merkeziniň dokumetlerinden

 Razwedka edarasy
1-nji bölüm
1324/10/20
№ 1/11188
Içeri işler ministerligi- Polisiýa edarasy
Gizlin
                                        Içeri işler ministerligine
  Maşat şäheriniň 1324/10/08-2317 nomerli raporty:
Torbet-e Haýderiýe polisiniň habar bermegine görä 17.12.23 bilen 02.09.24 aralygynda 60 töweregi türkmen hojalygy serhet žandarmasyndan T.Haýderiýe polisýasyna getirildi. SSSR-iň islegine görä we 9-nji welaýatyň häkimliginiň kabul eden kararyna laýyklykda olar polisiýanyň kontrollygynda saklanýar. Türkmenler gaty hor, olara iş berilmeýär, imäge içmäge zatlary ýok, bu gyşyň sowgunda ölmekleri mümkin. Olar öz watanlaryna dolanmak isleýärler. Ýagdaýy size bildirýärin.
                    Eýranyň polisýa edarasynyň başlygy. Pod polkownik Zerrabi
----------------------------------------
Bu geçen asyrda türkmen halkynyn başyna inen tragediyalaryndan bir nyşan. Bular barada yene-de durup geçeris. 

No comments:

Post a Comment