Sunday, January 2, 2011

Yakyn tarymyza syn

«Kommunizimiň howpy» we
Amerikanyň Marşal Plany,

“Parahatçylyk missiýa Kümmetgowuzda”- سپاه صلح

   Sowuk urşy odunyň has möwjän döwründe, ABŞ-lary kommunizimiň «howpuna» garşy Eýranda käbir çäreleri amala aşyryp başlady. İlkinji nobatda Eýrany, «Bagdad», «SENTO» ýaly paktlara/ harby ylalaşyklara agza edip aldylar.
   Amerika ösüp barýan ýurtlarda şol sandan Eýranda öz syýasy täsirini artdyrmak maksady bilen «Marşal» plany esasynda karz puldyr, azyk, imit kömegini berip başlaýar. Esasan prezident J.F.Kennediniň döwründe eýranlylara ýag, uwun, pudur görnüşli süýt paýlandy.
   Amerika şonuň ýaly-da Eýranyň dürli ýerlerine şol sandan türkmenleriň arasyna hem-de SSSR bilen serhet ýakalaryna ýörite misýonerlerini-de iberip başlady. Bize mälim boluşy ýaly 1964-nji ýyllarda iki sany Amerikaly, türkmen sährasynda iş alyp barypdyr. Olardan birisi Barkleý Moore, beýlekisi bolsa Michigan universitetiň etnografik alymy William İrons.

Soldan: Barkely Moore- W.Irons

  Dr. Barkleý Moore 1958-ynji ýylda Baptistler Dini Mekdebini tamamlap, bir ýyl soňra bolsa Kentucky universitetinden hukuk boýunça doktorlyk derjesini alýar. 1965-nji ýylda «Parahatçylyk boýunça Topara» meýletin bolup goşulýar we 6 ýyllap Kümmetgowuzda iş alyp barýar. Moore 1964-1970-nji ýyllar aralynda K.Gowuz şäher esasy bir kitaphanasynyň hem-de 31-sany kiçi okalgalaryň düýbüni tutýar, bir sany çagalar bagyny ýola goýýar.
Mr. Moore we türkmen okuwçylary bilen 1960-njy ýyllarda.
Ortada oturan yigit, şehit Ata Hanjany
Surat «ETROTR»-dan

Şol çagalar bagynyň esasynda soňra, 1000 okuçysy bolan 8 sany mekdebi döredýär. Oňa öz alyp baran işleri üçin, ozal hiç bir daşary ýurtla berilmedik, Kümmetgowuzyň «Hormatly watandaşy» diýen at berilýär, hem-de Eýranyň patyşasy we baş weziri, şonuň ýaly-da Amerikan prezidenti L.Johnson hem Nixon tarapyndan hormatlanýar. Dr. Moore şeýle-de ukyply käbir türkmen ýigitleriniň Amerikada okamaga mümkinçilik döretmek hakynda hem alada edipdir. 1972-nji ýylda K.Gowuzdan Amerika dolanyp baran Dr. Moore 1992-nji ýylda aradan çykýar.
W. İrons, 1965-67 we 70-nji ýyllarda serhat ýaka Narly, Ajy guýy obalarynda geçiren ylmy barlagy netijesinde Ýomutlaryň durmuşyna degişli kitabyny 1975-nji ýylda çap etdirdi. Kitabyñ ady: “The Yomut Turkmen: A Study of social Organization Among a Center Asia Turkic-Speaking population.”

Akmyrat Gürgenli

No comments:

Post a Comment