Thursday, January 6, 2011

Yigitlerimiz we siyasatlar

Döwrüň syýasaty we Türkmen ýigitleri
Halkymyzyň edermen we batyr ogul-gyzlary dörän her bir pursatdan peýdalanyp milli hak-hukuklaryny gorap geldiler we gelýärler.

 Soldan: R. Rahmany- N.Nejjary-Weljan ahun


گزارش شهربانی گرگان به تهران (1325) در مورد متینگ حزب توده در کومیش دپه
و سخنرانی ولجان آخوند وافی، رحمت نژاد، نازقربان نجاری و رحمان رحمانی در کلوب حزب.

1941-nji ýylda diktator Reza şah Pehlewi ýurtdan sürgün edilenden soňra dörän erkinlik atmosferadan peýdalanyp çepçi “Tuda” (halk) partiýanyň düýbi tutuldy. Bu täze hereket sosýal deňligi we demokratiýany özüne şygar edip alýpdy. "Tuda" partiýanyň beýannamalarynda SSSR-den hemaýat edilýändigi-de mese-mälimdi. Türkmenler bolsa TSSR (Türkmenistan Sowet Sosýalist Respublikasy) ýaly düzgüniň öz ýaşaýan topraklarynda (Türkmensährada) emele gelmegini arzuw edýärdiler şol sebäpdenem Eýranda hereket edýän beýleki partiýalara goşulmany, topar-topar bolup "Tuda partiýanyň" hataryna goşuldylar. Mugallymlar, daýhanlar, okuwjylar, işçiler, harbylar, hatta käbir ahun-mollalar hem “Tuda” boldular.
  Şeýlelik bilen 1941-47−njy ýyllar aralygynda biziň Türkmen topragymyzda syýsay taýdan has gala-gowply günler emele geldi. Şu ýerde bellemli mesele olam döwrüň intellegensiýa wekilleriniň özbaşdak milli bir platformalarnyň bolmanlygy we olaryň umumy Eýranda bolup geçýän syýsay akym bilen akyp gitmekleridi. “Tuda” partiýasy-da edil 1979-njy ýyldaky “Fedaýy”lar ýaly milli meseläni ikinji dereje goýup, synpy göreşi öňe sürüp geldi. Şeýlelik bilen Türkmenler üçin gaty zerur bolan milli oýanyş, milli erkinlik, milli syýasat... merkezi partiýalaryň bähbidi we beýleki şygarlarynyň arasynda unudyldy. Şol döwrüň intellegentleri her gün diýen ýaly Azerbaýjanda, Kürdüstanda bolup geçýän hereketleri goldap, Kümmetde, Bender-de we Akgalada mitingler geçirýärdiler, emma milli hak-hukuk talap edilip,  gaty seýrek protest demonstratsiýalar bolýardy. Edebi, medeni durmuşymyz hakynda alada edilmedi, ýakyn taryhymyzda bolup geçen, mysal üçin Osman ahunyň we 1924-nji ýyldaku gozgalaň hakynda ýaş nesillere maglumat berilmedi. Ynha şeýdibem 1947-nji ýylda Türkmen “Tuda”çylary Aşgabada bosa-bosluk edenlerinden tä 1979-njy ýyla çenli Türkmen sähramyzda bolup geçen wakalary analiz etmäge we geljekgi nesile sapak bolar ýaly ýatlama ýazmaga adam tapylmady we ýaşlarymyz ýene täzeden gurlan, täze bir syýsatyň pydasy boldular. Belki geljekgi neslimiz “ýaşyl”, “gyzyl” ýa-da başga bir reňki daşaýan syýasatlaryň pydasy bolmasynlar.
Akmyrat Gürgenli
06.01.2011

No comments:

Post a Comment