Monday, February 14, 2011

Taze tapylan eserler

Täze işler we tapylan kitaplar
“Ynsan soraşa-soraşa...”
 Grodokowyn kitabyndan bir sahypa
Golaýda internetde ýerleşdirlen dünýäniň meşhur kitaphalarynyň sanawuny agtaryp ýörşime halkymyzyň milli taryhyna degişli 3 sany gymmatly eseriň üstünden bardym.
Olaryň biri 1880-njy ýylda general Skoblewiň Gökdepä hüjümini suratlandyran we şol ýörişe gatnaşan general Grodokwiň 4 jilitlik eserinden 3-nji jildiniň parsça edilen terjimesi. Ýeri gelende aýtsak henize çenli bu eser türkmen diline terjime edilmän gelýär we Türkmenistan döwleti bular ýaly gymmatly eseriň türkmen diline terjime edilmegine ünsem berenok. Bu eseri öz wagtynda Nasert etdin şa, pars diline terjime etdiripdir.
Mak-Gahanyn kitabyndan

2-nji eser, olam inglis dilinden türkçä we türkçeden parsça terjime edilen Amerikan žurnalisti Mak-Gahanyň ýatlamasy. 1873-nji ýylda rus generaly Fon-Kaufmanyň Hywadaky ýomutlaryň üstüne geçiren ganly ýörişine gatnaşan Mak-Gahan bu wakany jikme-jigi bilen suratlandyrypdyr.
Mary urşuna degigişli kitapdan

3-nji eser bolsa 1860-njy ýylda Eýranyň patyşasy Naser etdin şanyň permany bilen Horasanyň häkimi Hemze Mirza Heşmet etdöwläniň Mara geçiren hüjümi dogrusynda “Leşker newis” lakamly Muhammet Al Huseýniniň kitaby.
Halkymyzyň ýakyn taryhyna degişli bu eserler komputerde ýyglandan soňra okyjylaryň ünsüne hödürlene. Häzir hamyr uwjundan petir.

Akmyrat Gürgenli
Fewral 2011

No comments:

Post a Comment