Friday, April 15, 2011

Amanbibi Ak (Kümüş gelneje)
1949-2011

Gadyrly dostum Gylyç!
Ajy habar çalt ýaýrar diýleni. Kümüş gelnejemiziň has diýen wagtynda aramyzdan gitmegi seniň ýaly biziň ýüremize hem tagma boldy. Nätjek, Magtmguly aýtmyşlaýyn:
“Bu ölmek, aýrylmak galypdyr öňden
Peder bize miras goýmuş bu derdi.”
Merhumyň ýatan ýeri ýatgty, jaýy jennetden bolsun. Galanlaryna sabyr bersin.
Türkmeni öwreniş merkeziň müdüri
Akmyrat Gürgenli
15.04.2011
* Kümüş (Amanbibi Ak) 13-nji aprilde Kanadanyň Calgry şäherinde uzak çeken kesel zerarly aradan çykdy. Bosgunlygyň we ilden aýralygynyň derdini näzik kalbyna siňdirip bilmän, barymyzy agyr ýasa batyrdy.
یاتان یری یاغتی، جایی جنتدن بولسون


No comments:

Post a Comment