Wednesday, June 1, 2011

شهید آبا آبایی نی یاتلاپ


Aba Abaýy

دختران دشت! دختران انتظار! دختران امید تنگ،  در دشت بی‌کران،
و آرزوهای بی‌کران، در خلق‌های تنگ!
دختران رفت‌وآمد، در دشت مه‌زده! دختران شرم، شبنم، افتاده‌گی رمه!-
از زخم قلب آمان‌جان
در سینه‌ی کدام شما خون چکیده‌است؟
بین شما کدام، -بگویید!-  بین شما کدام صیقل‌می‌دهید
سلاح آمان‌جان را  برای روز انتقام؟
۱۳۳۰، ترکمن صحرا، اوبه‌ی
صحنه سفلا

  Kümüşdepeli mugallym Aba Abaýy 1325-njy ýylyň 23-njy Mordad aýynda (1946-njy ýylyň 14-nji iýulynda) K.depe polisýasynyň atan okunyň gurbany boldy. Şol güni adamlar Nazmuhammet Çude diýen birsiniň uly ambarynda, faşizimiň ýeňlişine bagyşlan “Zäfär” (Ýeňiş) diýen piýessany tomaşa etmäge ýygnanşýarlar. Bu teatr, çepçi Tuda partyýasy tarapyndan ýola goýlupdy, ýöne polisýa we žandarma güýçleri onuň öňüni almaga synanşýar we märekä ok atýarlar, şonda okuň birisi Aba pahyra degýär. Ony Gürgen şäherine alyp gidýärler, ýöne ýolda köp gan gitmegiň netijesinde aradan çykýar. Bu barada Kümüşdepäniň şol wagtky magaryf edarasynyň başlygy Mämetaman Yslmany merkeze raport beripdir. (Aşakadaky raport). M.Yslamy soňra 1327ş/1948-nji ýylda birnäçe türkmen bolup Türkmenistana sygynýar.
  Sähramyzyň ilkinji mugallymlardan biri bolan Merhum Aba, türkmen balalarynyň hatly-sowatly bolmagy ugrunda köp alada etmegi ýüreginde besläpdi, ýöne duşman oky onuň bu arzuwny ýaşatmatdy.
  Eýranyň görnükli şahyry merhum Ahamd Şamlu, 1951-nji ýylda, türkmenleriň arasynda traktyrçy, kombaýynçy bolup işlän mähaly, Amanjana bagyşlap, «Kim taplap, tijedip gorar Amanjanyň ýaragyny, öç alynaýan güne çenli» diýen ýörite goşgy ýazdy. 
Akmyrat Gürgenli                                                      


No comments:

Post a Comment