Friday, November 2, 2012

Jemgyýetçilik meseleleri



             Türkmen ýaşlary we Maşgala binasy


  Ähli jemgyýetlerde boluşy ýaly biziň türkmen jemgyýetimizde-de ýaş ýigitler we gyzlar maşgalanyň hem jemgyýetiň durkuny, sütünini emele getirýärler. Bu binanyň berk hem gaýym bolup, dürli howp-hatardan amanda galmagy üçin ozaly bilen birnäçe şertiň esas bolup durýandygyny nygtasymyz gelýär.
  Maşgala sütünini düzýän ýigidiň hem gyzyň durmuş gurmazdan ozal birek-biregi oňat tanap, geljekki uzyn, jogapkärli hem agyr ýoluna ynamly girmekleri birinji şert. Bu aglaba jemgyýetlerde şeýleräk. Bu durmuş synagdan üstünlikli geçer ýaly türkmen jemgyýeti, öz perzentlerine näderejede mümkinçilik hem erkinlik berýär? Geliň muňa bir göz gezdirip göreýliň.
Dowamy 
  Türkmen jemgyýetinde, esasanam maşgla düzüminde umuman konserwatiw elementler agdyklyk edýär. Muňa taryh boýy höküm süren içerki we daşarky wakalar, gandöküşikli hüjümler, tire-taýpa dawasy we ş.m... zatlar sebäp bolupdyr. Gyz, erkege parhly garamak-gyzlar öýe myhmandyr, ogul ataň diregidir diýen ýaly düşünjeler, olara parhly garamak we olaryň başgaça terbiýeläp ýetişdirmegine alyp geldi we gelýär. Jemgyýetimizdäki bu güýçli faktorlar gynansagam öz möherini basyp, özüni ykrar edip geldi we gelýär. Dini ynançlar we oňa garyşan däp-dessurlarymyz munuň aýdyň şaýady.  Bu güýçli düzgün baryp  çaga dünýä inende özüni görkezýär. Mysal üçin erkek çaga doganda onuň gulagyna azan okalýar, gyza okalmaýar. Gyz dogran enä bolsa “aňsadyna bakdy-da” diýilýär. Biraz ulalyp göze görnüp başlan gyzlar, myhman gidýänçä başga jaýda bolup, ol ýerden çykmaly däl. Bir söz bilen aýdylanda gyzlara myhman hökmünde garalyp, “çykan gyz çygdan daş” diýip, oňa sala-maslahat salynmaýar. Gynansakda bu ýagdaý 70-80 ýyllap höküm süren we öz ýanlaryndan Ýewropa medeniýetini Türkmenistana getirdik diýýän Sowet zamanasynda hem şeýle bolupdy. Elbetde ol döwürde galyňa garşy kompaniýa alnyp barylanam bolsa, birek-biregi halanlara “komsomol toýy” diýip, halanyna barmagy ündän bolsalaram... bu we şoňa meňzeş çäreler asyrlar boýy halkyň medeniýetiniň, aňyna, süňňüne berk ornaşan däplere garşy durup bilmedi.
  Nika saçagynda oturup, täze maşgala gurmakda biziň jemgyýetimiziň öňden gelýän ýene bir endigi, olam öz ýakynlary bilen guda-garyndaş bolmak. Daýzaň ýa-da daýyň gyzy bilen durmuş gurmak ene-atlary begendirýär, “garaz ýat ýeri bolmasyn” diýilýär. Ylaýta-da oba ýerlerde täze çatynjak, durmuş gurjak ýaşlaryň pikri gaty bir soralybam duranok, sebäbi eli dar maşgala, galyň babatynda garyndaşlary bilen oňşyp, ylalaşyp bilýär. Elbetde bu didigimiz umumy däl, ýöne galyň bar ýerinde , onuň hökmi berkarar jemgyýetde,  şeýle edilmäge mejbur bolunýar.
  Durmuş gurjak ýaşlaryň, bir gapydan girmezden ozal birek-biregi tanap, ysnaşmaklary, bir-biriniň edim-kylymlaryna belet bolmaklary, medeni jemgyýetiň esasy düzgünlerinden biri. Häzir, geçen asyrlardakylar ýaly, mejbury ýagdaýda ýaşlaryň başlaryny çatmgaga täze durmuş rugsat bermeýär, esasan beýle maşgalayň ömri hem uzaga çekmeýär. Günbatar döwletlerde erkek, aýal hatta nikasyz bir jaýda ýaşaýalar we olar maşgala kanunyndan doly peýdalanýarlar, çaga bolan ýagdaýynda-da, çagaň pasporty bar we ol adaty ýagdaýda önüp ösýar, erkek ýa-da aýal islendik wagty, resmi taýdan nykaşyp bilýärler ýa-da hoşlaşyp bilýärler diýjek bolýan meseläm, häzirki ýagdaýda durmuş gurmagyň dürli görnüşleri bar.
 Biziň türkmen jemgyýetimizde, är-aýalyň maşagala düzgünini bozmak, aýrylşmak onçakly halanmaýar. Bilelikdäki, agzybir durmuşlaryny dowam edip bilmejekdigine göz ýetiren är-aýal, jemgyýetde höküm sürýän düzgünden çekinip, aňyrbaş boldugyndan bililikdäki ýaşaýşyny dowam etdirjek bolýarlar, “ilden çykaslary” gelenok. Üstesine galyň meselesiniň-de ikinji durmuşa aşa ýük boljagyny nazara alsak, türkmen jemgyýetine aýrylşmak derejesi, sany onçakly köp däl. Elbetde soňky döwürde Türkmenistandaky agyr ykdysady şertler, maşgala eklemgiň agyrlaşýandygy, ýigitleriň neşe belasyna uçramaklary we ... maşgala durmuşyny bozýanlaryň sanyny-da artdyrýar.
  Ýene gozgan meselämize dolanyp gelsek, egerde sagdyn jemgyýetiň ýoly sagdym maşgala ojaklaryndan geçýän bolsa onda durmuş gurmaklaryndan ozal ýigit bilen gyzyň birek-biregi bilen berk ysnaşmagyny zerur hasaplanýar, elbetde bu hemmelere mälim zat, emma gynansakda jemgyýetimizde hökmüni ýöredýän käbir däp-düzgünler munuň şeýle bolmagyna, kadaky ugur bilen gitmegine böwet döredýär.
  Ösen döwletlerde sosýal we maşgala planlaşdyrma ýaly guramalar hereket edýär, olaryň sosýologlary, bilermenleri islenen ýagdaýda maşgala meselesi bilen bagly ýaşlar bilen dürli konsultatsiýa we geňeş maslahatyny geçirýärler. Hatta mekdeplerde kruaterler, maslahatçy mugallymlar, ýaşlar bilen söhbetdeşlik geçirip, geljekki durmuşuň dürli ugurlary hakda olara täzeçe garaýyşlary ündeýärler. Elbetde şeýle guramlar biziň Türkmenistanymyzda hem bolmaly we beýler gurumlaryň roluny güýçlendirmeli.       
  Durmuş gurmazdan ozal we ondan soňra göz öňünde tutulmaly esasy meseler:
  1. Gyz bilen ýigidiň arasyndaky şöýgi tüýs ýürekdenmi, ýa-da geler-geçer dugýgular esasyndamy;
  2. Jynsy gatnaşyklar hakynda taraplaryň maglumaty näderejede. Jynsy gatnaşylar we ondan dogry lezzet almak maşgalayň sagdyn aýak üstünde durmagynda güýçli rol oýnaýar. Täze durmuş gurmakçy bolýan ýaşlar bu barada bar bolan garaýyşlaryny, hatta bar bolan nogsanlaryny, nikalaşmazdan öň birek-birege äşgär etmeli;
  3. Taraplar maşgala gurmagyň we öý-öwzarly bolmagyň zerurlygyna nähili düşünýärler? Däp-dessur üçinmi, ýa-da onuň hakyky zerurlygyna göz ýetirilip bu derwaýys işe baş goşýarlarmy? Bu babatda ene-atalar nähili oýlanýarlar: “aý gözümiň açyklygyna ogul, gyz toýuny göreýin” diýip, ogul toýuny tutýarlarmy?
  4. Eneler gyzlaryna täze durmuşa laýyklykda, geljekki enäni, ýagny gyzyny biş-düş we tikin-sapakdan habarbly etmeli, olara gazanan tejribelerini aýdyp durmaly;
  5. Durmuş gurmazdan ozal ýaşlar saglyk meseleleri hakynda, mysal üçin gan gruppasynyň meňzeş dälligi, çagaly bolup biljekleri hakynda medisina konsultantyny alyplarmy?
  6. Çaga bolmadyk ýagdaýynda maşgalany dowam etdirip biljeklermi?
  7. Taraplar maddy taýdan maşgalany dolandyrmaga taýýarmy, ýa-da ene-ata garaşly boljaklarmy?
  8. Atalyk aň-düşünjesi, asylly, kemally perzent ýetişdirip biljekdiklerine ynamlary hem ukyplary näderejede?
 Şu we şuňa meňzeş ýagdaýlary nazara alyp täze durmuşa tarap ädim edilende ol sagdyn hem dowamly maşgalanyň emele gelmine sebäp bolar, beýle maşgala bolsa öz gezeginde jemgyýetiň ösüş-özgerşine, adamkärçilikli, ynsaply, wyždanly döwlet adamlarynyň, jemgyýeti halal zähmeti bilen dolandyrýan adamlaryň ýetişmegine alyp geler.
        Arne Goli (Akmyrat Gürgenli)
        Žurnalist, syýasy-jemgyýetçilik meseleri boýunça bilermen
    
 Sweden
  31 oktobr 2012


No comments:

Post a Comment